TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
Dänewli bagban her ýyl 4 tonna çenli hasyl ýygnaýar
Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň erjel bagbanlarynyň biri Döwlet Hamraýew her ýyl 3,5 ― 4 tonna çenli miwe ýetişdirýär. «Türkmen gündogary» welaýat gazetinde ýazylyşy ýaly, onuň bagynda 25 ― 30 ýaşan daragtlardan başlap, oturdylanyna iküç ýyl bolan ýaş baglara çenli ösýär. Ol üç-dört ýyllykda ýaş ülje, alma we armyt nahallaryny oturtdy. Geçen ýyl ýaňy boý alan üljeler 27 kilogram hasyl beren bolsa, bagban ýigit bu ýyl diňe şu üljelerden 100 kilograma çenli hasyla garaşýar. Hamraýewleriň bagy tarp ýerden 1998-nji ýylda döredilipdir
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar