TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
400 tonna gaplama önüm taýýar
Lebap welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginde şu ýylyň geçen ýanwar-aprel aýlarynda hem gök-bakja önümleriniň we miweleriň 400 tonnadan gowragy gaplanylyp, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Degişli döwürde edilen işler 3 million 300 müň manatlykdan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr. Bu ýerde ter miwelerden, gök we bakja önümlerinden dürli görnüşli gaplamalary taýýarlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şeýle-de gök-miwe önümlerini terligine saklamakda senagat birleşiginiň özünde bar bolan uly sowadyjy ammarlaryň 2-sinden netijeli peýdalanylýar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar