TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÄJIGISTANDA TÜRKMEN IŞEWÜRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA DOKMA KÄRHANASYNY GURMAK TEKLIP EDILÝÄR
Türkmenistan Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmak boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýar. Bu barada 11-nji maýda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşygynda Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza bolan döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabatda aýry-aýry senagat pudaklarynda bilelikdäki işlere başlamak hakynda ylalaşyklar gazanyldy. Şoňa görä-de, duşuşykda dokma senagaty hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Ýurdumyzyň bu ugurda ägirt uly tejribe toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmak boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny nygtady.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar