TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
A-92 KYSYMLY AWTOULAG BENZINIŇ 19 MÜŇ TONNASYNY EKSPORT ETMEK ÜÇIN GELEŞIKLER BAGLAŞYLDY
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen A-92 kysymly awtoulag benziniň 19 müň tonnasyny $12,8 mln amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewürler «Türkmennebit» DK bilen STG-yň 6 müň tonnasyny $2,3 mln amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdylar. BAE-niň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» DK bilen suwuklandyrylan gazyň 40 müň tonnasyny $15,6 mln amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Jemi söwdalaşyklaryň barşynda bahasy $30 862 250 deň bolan 29 geleşik baglaşyldy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar