TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
ÝAPONLARYŇ ÝOKARY HILLI ULAGYNYŇ TÄZE NESLI TANYŞDYRYLDY
Ýaponiýanyň iň iri awtomobil kompaniýalarynyň biri bolan «Honda» şu aýyň dowamynda «Accord» ulagy bilen tanyşdyrar. Oňa garamazdan, ýaponlar ulagyň suratlaryny we tehniki häsiýetlerini köpçülige ýaýratdylar. Awtomobiliň öňünde alty burçdan ybarat bolan gözenegiň ýerleşjekdigi mälim edilýär. Onuň golaýynda bolsa inçe we göze ilýän çyralar bar. Ulagyň içinde 12,3 dýuýmlyk ekran ýerleşdirilipdir. Onda ulagy hem belli bir derejede dolandyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutulan. Ulagyň benzin bilen işleýän görnüşi 1,5T hereketlendiriji bilen üpjün edilip, onuň kuwwatlylygy 192 at güýjüne deň bolar. Awtomobiliň gibrid görnüşi 2 litrlik 148 at güýçli benzin hereketlendirijä we elektromotora eýe bolandygy bellenýär. Elektromotor bilen ulag 82 km ýol geçmäge ukyplydyr. Ulag üçin sargytlaryň kabul edilip başlanandygy mälim edilýär.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar