TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
DOKMA ÖNÜMLERINIŇ ONLAÝN SATUWY GIŇELDILÝÄR
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli «Altyn Asyr» onlaýn söwda meýdançasy arkaly ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilýän önümleriň onlaýn söwdasy ösdürilýär. Onlaýn söwda meýdançasy arkaly ýurdumyzyň 22 sany dokma brendiniň 1000-den gowrak önümini oturan ýeriňden satyn almak mümkin. Onlaýn söwda meýdançasynda erkeklere we zenanlara degişli dokma önümlerini, ýylyň ähli paslyna, uly we kiçi ýaşlylara niýetlenen egin-eşikleriň ýüzlerçe görnüşini satyn almak mümkin. «Altyn Asyr» onlaýn söwda meýdançasynda gündelik ulanylýan dokma önümleriniň, ýapynjalaryň dürli görnüşlerini sargyt esasynda almak wagtyň tygşytlanmagyna-da şert döredýär. Onlaýn söwda meýdançasynda sargyt edilen dokma önümleri Aşgabat şäherine we onuň töwereklerine mugt eltilip berilýär. Ýakynda onlaýn söwda meýdançasynyň Balkanabat we Mary şäherlerinde hem bölümleri açyldy. Netijede, onlaýn söwda meýdançasyndan sargyt edilýän harytlar bu şäherleriň ýaşaýjylary üçin-de elýeterli bolmagynda galýar. Sargyt alnandan soňra, operatorlar goşmaça maglumatlary we gowşuryş wagtyny anyklamak üçin jaňlaşýarlar. Ammarlardan sargyt edilen haryt saýlanyp alnyp, müşderi üçin amatly wagtda eltilip berilýär. «Altyn Asyr» onlaýn söwda meýdançasynyň «AppStore» we «PlayMarket» platformasynda elýeterli bolan mobil goşundylaryny maý aýynda işe girizmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň öndürýän önümlerini mobil goşundylar arkaly has aňsat usulda saýlap, sargyt edip bolar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar