TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
«HALK HAKYDASY» ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GÜL GOÝMAK HATYRA ÇÄRESI GEÇIRILDI
Şu gün — 9-njy maýda paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresi geçirildi. 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak çäresine Türkmenistanyň Halk maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda «Ruhy tagzym» ýadygärligine, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleriniň etegine gül çemenleri goýuldy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar