TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
ÝUMURTGA ÖNÜMÇILIGI 2 ESSE ARTDY
Ilata oba hojalyk we azyk önümleriniň 25-e golaý görnüşini hödürleýän Lebap welaýatynyň hususyýetçileri şu ýyl ýumurtga önümçiliginde has-da gowy netijeleri gazandylar. Bu ugur boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş 2 esseden hem gowrak boldy. Welaýatyň hususy guşçulyk toplumlarynyň bir ýyldaky ýumurtga önümçiligi 23 million 165 müňe ýetýär. Eger geçen ýylyň birinji çärýeginde gündogar sebitiň hususy guşçulyk toplumlarynda 1 million 279 müň sany ýumurtga alnyp, ilata hödürlenen bolsa, onuň şu ýylyň degişli döwründäki mukdary 2 million 770 müň ýumurtga golaýlady. Şeýlelikde, welaýat boýunça bu babatda 216 göterim ösüş gazanyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminden berlen maglumata görä, bu iş bilen hususy taraplaryň 7-si meşgullanýar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar