TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÜRKMENISTANYŇ ALMA IMPORTY 20 GÖTERIMDEN GOWRAK ARTDY
Geçen 2022-nji ýylda Türkmenistanyň daşary ýurtlardan alma importy 20 göterimden gowrak artyp, 50 müň tonna töweregi boldy. Ondan ozalky ýyl, bu babatdaky görkeziji 41 müň tonna barabar bolupdy. Bu barada east-fruit.com web-saýty habar berýär. Import edilen almanyň esasy bölegi Eýrandan we Türkiýeden satyn alyndy. Öz gezeginde, Türkmenistan geçen ýyl Täjigistany hem-de Russiýany bu önüm bilen üpjün ediji esasy ýurtlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanly oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçileri geçen 2022-nji ýylda ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň 104 müň tonnasyny daşary ýurtlara eksport etdiler. Şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda Türkmenistan Moskwa sebitine 17 müň tonna pomidor iberdi.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar