TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÜRKIÝÄNIŇ AŞGABATDAKY ILÇIHANASYNYŇ TÄZE GERBI TANYŞDYRYLDY
2-nji maýda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda ilçihananyň täze gerbi tanyşdyryldy. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyny, Türkiýäniň diplomatik gullugynyň 500 ýyllygyny we ýurduň Daşary işler ministrliginiň açylmagynyň 103 ýyllygyny bellemegiň çäginde geçirildi. Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral dabarada eden çykyşynda: — Gerb 16 ýyldyz bilen bezelip, taryhda bar bolan 16 sany garaşsyz türk döwletini alamatlandyrýar. Aslynda, biziň gerbimiz dünýäniň beýleki türk ilçihanalarynyňky bilen meňzeş, ýöne ol bu ýerde başga mana eýe bolýarmyka diýýärin. Sebäbi bu ýyldyzlaryň köpüsi Türkmenistan bilen umumy taryhy köklerimiziň müňýyllyklaryny alamatlandyrýar — diýip, belledi. Ilçi şeýle hem türk diplomatik gullugynyň daşary ýurtlarda 260 wekilhanasynyň we iň çalt konsullyk gullugynyň hereket edýändigini, gender deňligi nukdaýnazaryndan bolsa Türkiýäniň diplomatik gullugynda 79 aýal ilçiniň bardygyny aýtdy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar