TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
SAS MARKETI 5-NJI MAÝDA GEÇIRILJEK ŞOWHUNLY AÇYLYŞ DABARASYNA ÇAGYRÝAR
Paýtagtymyzyň ähli ýaşaýjylary we myhmanlary SAS marketiniň açylyş dabarasyna çagyrylýar. Täze döwrebap market paýtagtymyzyň «Bomako» köçesiniň ugrunda 4-nji kiçi etrapçada «Ylham» söwda merkezinde ýerleşýär. Onuň açylyş dabarasy 5-nji maýda sagat 17:00-da geçirilýär. Dabarada körpelere hokgabazlaryň, animatorlaryň çykyşlary mugt doňdurma garaşýar Açylyş dabarasyna gatnaşyjylara garaşylmadyk pursatlar garaşýar. DJ aýdym-sazly çykyşlary bilen bu ýere ýygnananlarda uly ruhubelentlik döreder. Iň gyzykly ýeri bolsa çagalar üçin bolsa gerek. Körpelere ýörite taýýarlanan çykyşlar — hokgabazlaryň, animatorlaryň çykyşlary bilen birlikde mugt doňdurma garaşýar. Mundan başga-da, SAS marketiň resmi taýdan açylyş dabarasynda müşderiler üçin iň gowy arzanladyşlardyr sowgatlar göz öňüne tutulýar. Täze market täze mümkinçilikler hödürleýär Market ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilýän iň ýokary hilli önümler — azyk we hojalyk harytlar, çaga oýnawaçlar we başga harytlar amatly bahalardan müşderilere hödürlener. Mundan başga-da, marketiň alyjylaryna dürli görnüşli amatly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik gazanarlar. Bu satuw nokatynda ýörite satuw kömekçileri bolup, olar müşderilere dogry önümi saýlamaga we harytlar hakynda maglumatlar bermäge ýardam berer. Gaýtalanmajak tagamly et we çörek önümlerini SAS marketden satyn al! Dükanyň tekjelerinde SAS bazary üçin ýörite bişirilen çörek we çörek önümlerini amatly bahadan satyn alyp bilersiňiz. Dükanyň et önümleri bölüminde müşderilere iň täze et we et önümleri bilen birlikde ýörite taýýarlanan steýkler hödürlener. Bulardan başga-da, onuň tekjelerinde dürli görnüşli işdäaçarlar, taýýar we ýarym taýýar önümler bilen bir hatarda doňdurylan miweler we ter gök we miwe önümleri tapmak bolýar. SAS market sizi çaý-kofe bilen garşy alýar Marketiň sag burçy size gyzgyn we sowuk içgileri hödürlär. Siz bu ýerden kofeleriň, kokteýlleriň, çaýlaryň dürli görnüşlerini ýanyňyz bilen alyp ýa-da oturyp içip bilersiňiz. Bu ýerde zähmet çekýän barista taýýarlaýan kofäniň dürli görnüşleri şol sanda italýan kofeleri bilen bu ýere gelýänleriň söýgüsini gazanmagyny dowam edýär. Arzanladyşlardan peýdalanyň! Bu ýerde müşderileri höweslendirmek maksady bilen birnäçe çäreler göz öňünde tutulýar. SAS marketinde yzygiderli arzanladyşdyr sowgatly harytlar, bonus kartoçkalardyr eltip bermek hyzmaty ýaly hyzmatlaryň dürli görnüşleri müşderilere garaşýar. SAS market sanly ulgamda Häzirki wagtda SAS marketiniň internet web saýty, Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenen mobil goşundylary taýýarlanýar. Bu internet platformalary müşderilere satyn almak, täzelikleri öwrenmek we önümler barada doly maglumat almak, mahabat çärelerine gatnaşmak we bonuslar almak ýaly hyzmatlaryny hödürlär. Näme üçin SAS marketden söwda etmeli?! SAS market öz müşderilerine amatly baha, ýokary hilli önüm we amatly hyzmatlary hödürleýär. Ýeri gelende bellesek, SAS marketi birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň, önüm öndürijileriniň resmi dilleridir. Harytlaryň käbirlerini diňe siz SAS marketden tapyp bilersiňiz. Dükanyň tekjelerinden siz türkmen, belarus, rus önümleriniň giň görnüşini tapyp bilersiňiz. SAS marketde müşderiler nagt we nagt däl görnüşde söwda edip bilerler. Alyjylar ähli bank kartlaryň üsti bilen tölegleri amala aşyryp bilerler. SAS marketi her gün arakesmesiz we dynç günsiz ir sagat 8:00-dan agşam sagat 23:00-a çenli öz müşderilerine hyzmat edýär. 5-nji maýda sagat 17:00-da geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmagy, marketiň ilkinji müşderisi bolmagy, sowgat gazanmagy, ýakynlaryň bilen medeniýetli dynç almagy unutmaň! SAS marketiň salgysy: Aşgabat ş., 4-nji kiçi etrapça, «Bomako» köçesi, «Ylham» söwda merkezi. Marketiň web saýty: www.sas.com.tm Instagram: sas_market_tm Telefon belgiler.: 26-00-80, 20-23-00
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar