TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
BIRŽA SÖWDALARY: BAHASY 4 MILLION DOLLARDAN GOWRAK 24 GELEŞIK BAGLAŞYLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 76 müň dollaryndan gowrak boldy. Daşary ýurt puluna Pakistanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Irlandiýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri buýan köküni, nah ýüplügi, float aýnasyny satyn aldylar. Manat serişdelerine türkiýeli işewürler bahasy 252 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar