TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we Demokratik partiýanyň ýolbaşçylary Lebap welaýatynda saparda boldular
Şu gün Lebap welaýat häkimliginde, Dänew we Garabekewül şäher medeniýet öýlerinde «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletlilik taglymaty we wekilçilikli edaralar ulgamynyň milli nusgasy» atly maslahatlar geçirildi. Olara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kasymguly Babaýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, professor Atajan Burunow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy Ruslan Jumaýew dagylar gatnaşdylar. Welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli wekilleri, şäherçe we oba geňeşlikleriniň arçynlary, pudaklaýyn edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary hem medeniýet, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ykdysadyýet, bilim ýaly pudaklaryň öňdebaryjylary bilen geçirilen maslahatlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 20-nji aprelde geçirilen taryhy mejlisinden gelip çykýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar