TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
Türkmenabatda bir gije-gündizde 10 müň jübüt «Bat» joraplary öndürilýär
Türkmenabat şäherindäki «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiliginde her gije-gündizde 10 müň jübüt jorap öndürilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atamyrat Jumakulyýewe degişli bolan bu önümçilik kärhanasynda müşderileriň islegleri we teklipleri öwrenilip, ulular we çagalar üçin pasyllara görä joraplary öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Önümçilikde işçi-hünärmenleriň 50-ä golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde şu ýylyň geçen üç aýynda hem joraplaryň 222 müň 330 jübüdi taýýarlanyldy. Önümçilikde Hytaý Halk Respublikasynyň we Italiýanyň dokma enjamlaryndan peýdalanylýar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar