TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA ULAG FORUMA GATNAŞYJYLARY GUTLADY
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň açylmagy mynasybetli Gutlag iberdi. Onda bu çäräniň ýurdumyzyň köpugurly halkara üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirilýär. Nygtalyşy ýaly, geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, eziz Watanymyz yklymlary birleşdirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrülýär. Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzy esasy üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, täze geçelgeleri, ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek maksady bilen, iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda howa gämileriniň we Halkara howa menzilleriniň sany artdyrylyp, halkara howa gatnawlarynyň köpelmegi üçin şertler döredilýär. Milli demir ýol ulgamy goňşy ýurtlaryň demir ýol ulgamlaryna birikdirilip, bu ugurda aragatnaşygyň üznüksiz bolmagy üpjün edilýär. Ýurdumyzda demir ýol üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz Hazar deňziniň üsti bilen halkara gatnawlara işjeň gatnaşyp, suw ýollary arkaly açyk deňze çykyp bilýär. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurulmagy milli deňiz flotuny giňeltmäge, ýükleriň möçberini, üstaşyr geçirilmegini artdyrmaga we daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döretdi. — Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna birleşmegi goňşy Özbegistan Respublikasynyň ýük awtoulaglaryna Hazardaky deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy iki ýurduň arasyndaky ulag hem-de söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde durýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer — diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenýär.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar