TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ABŞ-DA WE GERMANIÝADA GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI. OLARDA NÄHILI MESELERE GARALDY?
Golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň netijeleri barada 1-nji maýda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, saparyň dowamynda bu ýurduň iri ykdysady guramalarynyň biri bolan German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Agzalan forumy ýokary derejede taýýarlamak üçin sanly ulgam arkaly üç sany mowzuklaýyn okuw maslahatyny geçirmek boýunça teklipler alşyldy. Şeýle hem saparyň çäklerinde Germaniýanyň «Claas» kompaniýasynyň, suw hojalyk ulgamynda ýöriteleşen «Wilo» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Olarda german tarapynyň Türkmenistan bilen ygtybarly we giň gerimli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy. Halkara maliýe we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen wekiliýeti 27-28-nji aprelde Germaniýanyň «Deutsche Bank AG» we «Commerzbank AG» banklarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin anyk teklipler beýan edildi Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyny», gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu barada 1-nji maýda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda şu ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada beren hasabatynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow aýtdy. Döwlet Baştutany beýan edilen teklipleri makullap, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda uly tejribe toplanandygyny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýeterlik kuwwatyň bardygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar