TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
AZIÝA WE ÝEWROPA ÝURTLARYNA ÝÜK HOWA GATNAWLARY ARTDYRYLAR
Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna ýük howa gatnawlaryny artdyrmagy meýilleşdirýär. Has dogrusy, şu ýylyň maý aýyndan başlap, Aşgabat — Brno — Aşgabat, Brno — Hanoý, Brno — Seul, Hanoý — Moskwa (Şeremetýewo), Hanoý — London, Hanoý — Stambul, Hanoý — Frankfurt ugurlary boýunça ýük howa gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu howa gatnawlar ýakynda Türkmenistana getirilen «Airbus 330-200» kysymly «P2F» görnüşli täze ýük uçarlarynda amala aşyrylar. Ýeri gelende bellesek, 26-njy aprelde Aşgabat — Inçhon — Aşgabat ugry boýunça ilkinji ýük howa gatnawy amala aşyrylypdy. Türkmen we koreý şäherleriniň arasyndaky ilkinji ýük howa gatnawy täze satyn alnan «A330-200» kysymly ýük uçarynda ýerine ýetirildi.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar