TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
2023-NJI ÝYLYŇ IŇ GOWY OÝUNLARY MÄLIM EDILDI. SIZ OLARY OÝNAP GÖRDÜŇIZMI?
Meşhur seljeriji kompaniýa bolan «Sensor Tower» 2023-nji ýylyň ýaz möwsüminiň iň meşhur oýunlarynyň sanawyny taýýarlady. Smartfonlaryň operasion ulgamlarynyň birki sany bolmagy hasaplamalary takyk geçirmäge mümkinçilik döretdi. Android ulgamly smartfonlaryň ulanyjylarynyň iň köp ýüklän oýunlarynyň sanawy: Free Fire; Subway Surfers; Ludo King; Roblox; Candy Crush Saga; Going Balls; Block Balst Adventure Master; Attack Hole; DIY Paper Doll; Indian Bikes Driving 3D. iOs ulgamly (iPhone) smartfonlaryň ulanyjylary bolsa şu oýunlary köp ýükläpdirler: Egg Party Roblox Gardenscapes Subway Surfers Royal Match Parking Jam 3D 8-Ball Pool Attack Hole Candy Crush Saga Magic Tiles 3: Piano Game Ähli smartfonlary hasaba alanyňda, aşakdaky oýunlar köp ýüklenip alnypdyr: Subway Surfers Free Fire Roblox Candy Crush Saga Ludo King Going Balls Block Blast Adventure Master Attack Hole 8-Ball Pool Gardenscapes Umuman, mart aýynda ulanyjylar 4,5 milliard gezek elektron dükanlardan gerek goşundylaryny ýükläpdirler. Bu görkezijiniň fewral aýynyňkydan 10 göterim ýokarydygy bellenýär. Smartfonlarda iň köp oýun oýnaýanlar Hindistanda ýaşaýarlar. Ýüklemeleriň 18 göterimi bu ýurtda amala aşyrylypdyr. Sanawda ikinji orunda ABŞ (8,1 göterim), üçünji orunda bolsa Braziliýa (8 göterim) ýerleşýär.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar