TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
SANLY ADAMLAR DÖREDILIP BAŞLANDY
«Tencent Cloud» kompaniýasy sanly dünýäde özgertmeleri amala aşyrmaga ukyply bolan tehnologiýa bilen çykyş etdi. Kompaniýanyň döreden platformasy sanly adamlary döredip bilýär. Onuň üçin kompaniýanyň platformasyna 3 minutlyk wideo, 100 sany sözlem we 24 sagat wagt gerek. «Tencent Cloud» döredip beren sanly adamlary üçin bary-ýogy 145 amerikan dollary möçberinde töleg soraýar. Kompaniýanyň sanly adamlary doly boýly we bilden ýokarsy görünýän ýagdaýda hödürlenip bilner. Şeýle-de olary «janly», «hakykata golaý» we animasiýa görnüşde sargyt edip bolýar. Bu sanly adamlara lukmançylyk, pedagogika ýaly ugurlarda «sapak» berilse, olaryň köp wezipeleri çözmäge ukyply boljakdygy bellenýär.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar