TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÜRKI DÖWLETLERINIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
28-nji aprelde Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde Türki döwletleriniň parlament assambleýasynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa hem gatnaşdy. Bu barada Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop «Twitter» sahypasynda mälim edýär. Mejlisiň çäginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň arasynda özara gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türki döwletleriniň parlament assambleýasynyň 12-nji mejlisiniň çäginde parlament ýolbaşçylary Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde özara gatnaşyklary, hususan-da, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyrlar. Türk parlamentiniň başlygy Mustafa Şentopyň metbugata beren beýanatynda mälim edişine görä, bu mejlisde Türki döwletleriniň parlament assambleýasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda çözgütler kabul edildi. «Biz üstümizdäki ýüzýyllygyň türki döwletleriniň asyrynyň boljagyna umyt baglaýarys hem-de şeýle bolmagy üçin tagalla edýäris» diýip, Mustafa Şentop nygtady.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar