TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
«ALTYN ÝUNUS» ALTYN ALÝAR
Siňňitli iýmitleri, maňyzlary, çigit we konditer önümlerini öndürýän «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy şu ýylyň 6 — 10-njy fewraly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen 30-njy «Prodekspo» halkara azyk sergisine gatnaşyp, sergä gelenleri kärhanada öndürilýän önümleriň giň görnüşi bilen tanyşdyrdy. Kärhananyň bu sergä eýýäm ikinji gezek gatnaşýandygy-da bellärliklidir. Serginiň çäklerinde azyk önümleriniň bäsleşikleriniň birnäçesi geçirildi. Olara türkmen önüm öndürijileri, şol sanda «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy hem gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi. Marka önümleri dadyp görmek bäsleşiginde «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynda öndürilýän ýokary hilli «Todino Glory» haryt nyşanly şokolad plitkasy we «Well» haryt nyşanly şekersiz sakgyç degişli ugurlary boýunça serginiň iň gowy önümi hökmünde ykrar edilip, altyn medala mynasyp görüldi. «Altyn Ýunus» Merkezi Aziýada ilkinji «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynda «Well» haryt nyşanly şekersiz sakgyjyň önümçiligi 2018-nji ýylda herekete girdi we türkmen kompaniýasy tarapyndan ýola goýlan bu önümçilik Merkezi Aziýada şekersiz sakgyç öndürmekde ilkinji tejribe. Häzirki wagtda hususy kärhana Türkmenistanda-da şekersiz sakgyjy öndürýän ýeke-täk kompaniýadyr. Giň gözden geçirilişde daşary ýurtly hünärmenler türkmen kompaniýasynyň öndürýän önümlerine ýokary baha berdiler. Ýeri gelende bellesek, «Altyn Ýunusyň» öndürýän ýokary hilli önümleri halkara ülňülere laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigine kärhananyň mynasyp bolan «ISO 22000 : 2005», «ISO 9001 : 2015», «Halal Food Certification», şeýle hem «Iýmit howpsuzlygy» boýunça (HACCP) şahadatnamalary-da aýdyň şaýatlyk edýär. «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy 2014-nji ýylda esaslandyryldy, onuň Mary we Änew şäherlerinde önümhanalary bar. Halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmek ugrundaky tagallalara goşant goşmak maksady bilen, kärhananyň işine ussat hünärmenleri gijesini gündiz edip zähmet çekýärler. Habarlaşmak üçin: (+993 12) 95-06-04; (+993 12) 95-06-17; (+993 12) 95-06-18. E-poçta: export@altynyunus.tm; info@altynyunus.tm. Salgysy: ş. Aşgabat, köç. Bitarap Türkmenistan 174.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar