TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
HALKARA ÜSTAŞYR ULAG GEÇELGELERINE BAGYŞLANAN MASLAHATA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR
Türkmenistanda 3-4-nji maýda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär. 28-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda bellenişi ýaly, forumy Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň deslapky meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron söwda, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, innowasion tehnologiýalar, ulag we logistikada ylym-bilimiň orny ýaly meseleler girizildi. Maslahatyň çäklerinde birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Meýilleşdirilýän halkara forum we sergi ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli işleriň amala aşyrylmagyna hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutany belledi we agentligiň ýolbaşçysyna çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar