TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÜRKMEN ŽURNALISTLERI «TEKNOFEST-DE»
Türkiýede Türki döwletleriniň žurnalistleriniň simpoziumyna gatnaşýan türkmen wekiliýeti şu gün — 28-nji aprelde Stambul şäheriniň Atatürk halkara howa menzilinde geçirilýän «TEKNOFEST — 2023» festiwalyna gatnaşdylar. Bu festiwal Türkiýede iň uly, dünýäde bolsa iň uly ikinji awiasiýa we kosmos tehnologiýalarynyň gözden geçirişi hasaplanýar. Türkmençeläp aýdanyňda «Tehnologiýalar festiwaly» diýlip atlandyrylýan bu iri halkara çäre diňe awiasiýa we kosmos enjamlarynyň gözden geçirişini özünde jemlemän, ol dürli pudaklarda iň täze gazanylanlar we innowasiýalar bilen giňişleýin tanyşmaga-da mümkinçilik berýän festiwaldyr. Onuň çäginde dürli pudaklardaky oýlap tapyşlaryň, innowasion çözgütleriň döredijilik bäsleşikleri guralýar. Has takygy, şu gezekki tehnologiýalar festiwalynyň çäginde 102 ugurda 41 sany tehnologik we innowasiýa bäsleşikleri guralyp, olarda ýeňiji bolanlara 670 müň dollardan gowrak pul baýragy we 1,54 million dollardan gowrak hem maliýe goldawy garaşýar. Şu gezekki tehnologiýalar festiwalyna dünýäniň 90-dan gowrak döwletinden müňlerçe wekil gatnaşýar. Türkmenistanly žurnalistler tehnologiýa festiwalynda dürli pudakda hödürlenýän oýlap tapyşlar we innowasion çözgütler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Halkara gözden geçirilişde, hususan-da, ýaşlaryň döredijilik gözleglerine möhüm orun degişlidir. 27-nji aprelde badalga alan «TEKNOFEST — 2023» 1-nji maýa çenli dowam eder. Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen žurnalistleri Türkiýe Respublikasynyň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan guralýan Türki döwletleriniň žurnalistleriniň simpoziumyna gatnaşýarlar. Oňa Türk döwletleri guramasynyň bäş agzasyndan — Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Özbegistandan, şeýle-de üç synçy döwletden — Türkmenistandan, Wengriýadan, Demirgazyk Kiprden metbugat wekilleri ýygnandylar. Daşary ýurtly žurnalistleriň 35-sini Stambula jemlän simpoziumyň çäginde «Täze asyrda halkara tertip» we «Täze asyrda metbugat» ady bilen «tegelek stoluň» başynda duşuşyklar geçirildi we döredijilik gezelençleri guraldy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar