TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÜRKMENISTAN WE GYRGYZYSTAN AWTOULAG PUDAGY BOÝUNÇA GEPLEŞIK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we kommunikasiýa ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar awtoulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ýurtlaryň arasynda ýük gatnawlaryny artdyrmaga gönükdirilen birnäçe meseleler babatda pikir alyşdylar. Hususan-da, Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Russiýa ulag ugry boýunça ýükleriň daşalyşyny ýola goýmaga we ösdürmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar