TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
SANLY ULGAM DÖWRÜŇ TALABY
Häzirki döwürde ýurdumyz döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri netijesinde, halkara ylmy maslahatlardyr forumlar yzygiderli guralýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen geçirilýän şeýle çäreler ylym-bilimiň çalt depginler bilen ösdürilmegine, has-da kämilleşdirilmegine, berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna zerur şertleri döredýär. Şonuň netijesinde, bilim ulgamynyň işgärleri ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, öz hünärine ezber hünärmenleri taýýarlamak üçin döredijilikli, yhlasly zähmet çekýärler. «Türkmenistanda 2019 — 2025-­nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. San­ly­ ykdy­sa­dy­ýet­­ mu­nuň ­özi, ­in­no­wasi­on­ teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň­ esa­syn­da gur­na­lan­ yk­dy­sa­dy­ gat­na­şyk­laryň­ ul­ga­my­ bo­lup,­ şol­ bir­ wag­tyň­ özün­de,­ ha­ra­jat­la­ryň­ tyg­şyt­la­nylma­gy ­bi­len ­bir ­ha­tar­da, ­gir­de­ji­le­riň­ tä­ze­ çeş­me­le­ri­ni­ ýü­ze­ çy­ka­rýar we­ yk­dy­sa­dy­ ne­ti­je­li­li­giň­ we­ ösü­şiň­ mö­hüm­ şer­ti­ bo­lup­ dur­ýar.­ Ha­rytla­ry­ ba­zara­ des­sin­ çy­kar­mak­ we sarp­ edi­ji­ler­ üçin­ äh­li­ amat­lyk­la­ry dö­ret­mäge bolan müm­kin­çi­lik­le­ri artdyrmak san­ly gi­ňiş­li­giň ­aý­ra­tyn­ly­gy ­hökmünde orta çykýar. Elbetde, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar. Şonuň bilen birlikde-­de, ondan peýdalanylanda, maglumat we kiberhowpsuzlygy berjaý etmek esasy talaplaryň biri bolup durýar. Munuň özi häzirki döwürde dünýä ýüzünde wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: — Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer — diýip belledi. Bu ajaýyp sözler diňe bir bilim alýan talyp ýaşlaryň dünýägaraýşynyň kämilleşmegine getirmän, eýsem ýurdumyzyň bu ugurda tejribe toplap, belent sepgitlere ýola rowana bolmagyna-da alyp bardy. Türkmenistan maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna senagatyň we gurluşygyň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeliligini artdyrmaga girişdi. Innowasion syýasatyň amala aşyrylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, uly öňegidişlikler gazanylýar, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda özgertmeleriň netijeliligi ýokarlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçilik işini innowasion esasda alyp barmak giň gerime eýe bolýar. Telekeçilik işini innowasion esasda alyp barmak, elektron söwda, onuň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi internet dükanlarynyň işini kämilleşdirýär, şeýle-de wagt tygşytlylygyny üpjün edýär. Umuman, elektron söwda, innowasion telekeçilik işi hem telekeçiler, sarp edijiler üçin bähbitli bolup, olaryň bähbitlerine hyzmat etjek amatly şertleri, giň mümkinçilikleri we ýeňillikleri döredýär. Maglumat tehnologiýalarynyň ösüşiniň dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, hukuk düzgünleşdirilişi, işgärler meseleleri, maglumat we kommunikasiýa düzüminiň kämilleşdirilmegi hem-de elektron hökümetleriň kemala getirilmegi maglumatlaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Maglumat ulgamynda tiz üýtgeýän tehnologiýalary we şertleri göz öňünde tutup, kanunçylygy ýüze çykýan gatnaşyklara yzygiderli laýyk getirmek hem-de täze döwrüň kanunlaryny işläp taýýarlamak zerur. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň täsiri netijesinde jemgyýet özgerýär, ilatyň gözýetimi giňeýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler ata Watanymyzyň okgunly ösüşine kuwwatly itergi berýär. A.Gurbanow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Kiberhowpsuzlyk we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri, polisiýanyň maýory.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar