TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
15 000 SURATDAN KARTA TAÝÝARLANDY
Hytaý Halk Respublikasynyň alymlary 15 000 töweregi suratdan karta taýýarladylar. Onda «Gyzyl» planetanyň öwrenilen çäginiň takyk görkezilýändigi nygtalýar. Karta Hytaýyň milli kosmos edarasy we Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurtdaky halkara kosmos gününe bagyşlanyp taýýarlandy. Ýatlatsak, 1970-nji ýylyň 24-nji aprelinde Hytaý ilkinji emeli hemrasyny kosmosa uçurypdy. Marsyň kartasyny birnäçe görnüşde görüp bolýar. Ol tekizlik we togalak görnüşde taýýarlanypdyr. Suratlaryň 2021-nji ýylda Marsa baran «Týanwen-1» arş gämisi bilen düşürilendigi nygtalýar. Ol suratlary düşürmek üçin planetanyň daşyndan 1344 gezek aýlanmaly bolupdyr.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar