TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa pomidor eksport etmekde ilkinji üçlüge girdi
Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasyna ýyladyşhana pomidor eksport etmekde 2-nji boldy. Bu barada ýurduň Federal gümrük gullugyna salgylanyp, «ROSNG.RU» agentligi habar berdi. Şeýlelikde, 2021-nji ýylda bu görkeziji boýunça 4-nji orunda ýerleşen Türkmenistan 2022-nji ýylda RF-iň pomidor importynyň 14%-ini emele getirdi. 2022-nji ýylda Russiýa ýyladyşhana pomidorlaryny eksport etmekde öňdeligi 37% paý bilen Azerbaýjan eýeledi. 2021-nji ýylda ikinji orunda ýerleşen Türkiýe bolsa 2022-nji ýylyň ýyllyk görkezijileri boýunça bir setir aşaklap, üçünji orna düşdi. Umuman, Russiýa Federasiýasy 2022-nji ýylda ýyladyşhana önümleriniň içinde pomidory has köp import etdi, ýagny onuň möçberi, takmynan, 371 müň tonna barabar boldy diýip, habarda bellenilýär.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar