TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
«NOKIA» TÄZEDEN «JANLANÝAR»
«HMD Global» kompaniýasynyň «Nokia» haryt nyşanyny satyn alanyna 2 ýyl boldy. Şondan bäri kompaniýa «Nokianyň» birnäçe «akylly» enjamlaryny müşderilere hödürläpdi. Emma bu hatyr nyşan müşderileriň arasynda elmydama elýeterli düwmeli telefonlary bilen meşhur bolmagynda galýar. Ine, kompaniýa ýakynda täze düwmeli öýjükli telefony bilen tanyşdyrdy. «Nokianyň» täze görnüşine «Nokia 105 4G» ady berildi. Onda 4G aragatnaşyk mümkinçiligi we «Alipay» funksiýasy göz öňünde tutulan. Telefon ilkibaşda 29 amerikan dollaryndan satylar. Täze «Nokia 105 4G» telefonynyň batareýasynyň sygymy öňkülere görä 42 göterim ýokarlandyrylypdyr. Kiçijik telefonyň ýady bolsa 32 GB çenli artdyrylypdyr. Onda Bluetooth 5.0 hem bar. Täze «Nokia» simsiz gulaklyklary hem çatyp bolýar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar