TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
«BU NÄHILI ÖRDEKKÄ?»
«Geely» kompaniýasy Şanhaý awtosergisinde täsin elektromobil bilen tanyşdyrdy. Ilki bilen, ulag uzak aralyga sürmek üçin däl-de, şäher şertlerinde ulanmak üçin taýýarlanan. Ol dyknyşykly, ulag köp ýollarda özüni örän «ynamly» duýýar. Şonuň üçin hem ulagyň iň ýokary tizligi gaty bir ýokary däl — 100 km/sag. Awtoulag, hiline görä, bir zarýadda 120 km we 200 km geçmäge ukyply. Ykjam elektromobile 30 göterimden 80 göterime çenli 30 minut, doly zarýad almak üçin 68 minut gerek bolýar. Ulagyň üstünde bolsa panorama üçegi ýerleşen. Onuň multimediýa ulgamy hem asgyn däl. Elektromobil 9,2 dýuýmlyk dolandyryş ekrany we 8 dýuýmlyk «akýan» ekran bilen üpjün edilipdir. Onuň ýene-de bir aýratynlygy — «What The Duck!» (Bu nähili ördek?) ýazgysydyr. Sary reňkli ulagda ýerleşdirilen bu ýazgy sürüjiniň we ulagy synlaýan adamlaryň göwünlerini göterjekdigi düşünilýär. Hytaýlylar ördek üçin, hiline görä, 7200 amerikan dollary we 8200 amerikan dollary möçberinde töleg soraýarlar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar