TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÜRKMENISTAN ESASY SÖWDA HYZMATDAŞLARYŇ BIRINE ÖWRÜLÝÄR
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugynda 7-nji orny eýledi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär. Ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara söwda dolanyşygy 263,4 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şunda Türkmenistanyň eksporty özara söwdanyň agramly bölegini eýeleýär. Geçen döwürde Türkmenistanyň eksporty 218,4 million dollara, importy bolsa 45,1 million dollara deňeçerlendi. Şu ýylyň ilkinji çärýeginde Özbegistanyň daşary döwletler bilen jemi söwda dolanyşygy 14,8 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar