TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
227 SANY TÄZE ÖNÜM ÖNDÜRILIP BAŞLANDY
Türkmenistanda hususy telekeçileriň oba hojalyk we azyk önümçiligindäki orny barha artýar. Geçen 2022-nji ýylda türkmen işewürleri degişli pudaklarda täze önümleriň 227 görnüşiniň önümçiligine başladylar. Telekeçiler et, süýt, ýumurtga, balyk, un, şeker, ýag önümleriniň, çaga iýmitleriniň, gök we miwe şireleriniň, agyz suwunyň, süýji-kökeleriňdir doňdurmalaryň dürli görnüşlerini öndürýärler. Bu ugurda Türkmenistanda geçen ýylda täze 3 sany maldarçylyk, 3 sany hem guşçulyk hojalygy, 2 sany sowadyjy ammar, 8 sany ýyladyşhana, 4 sany azyk ugurly kärhana işe girizildi. 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň häzirki wagtda 28 müňden gowrak agzasy bar. Geçen 15 ýylyň içinde telekeçileriň öndüren oba hojalyk we azyk önümleriniň ösüş depgini 130,4 esseden gowrak boldy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar