TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
MAÝA GOÝUM FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
u gün — 26-njy aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň 300-den gowrak wekilini bir ýere jemlän halkara forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Plenar mejlisde BAE-niň döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum, «CNPC» kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky işleri boýunça prezidenti Wan Guýhaý, «ADNOC International» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohamed Saif Al Arýani we halkara guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanowyň nygtamagyna görä, Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda baý uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 2-nji we 3-nji tapgyrlaryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Gaz känini özleşdirmek boýunça 2-nji tapgyryň çäginde ýylda 30 milliard kub metr, 3-nji tapgyrda bolsa, ýylda 33 milliard kub metr harytlyk tebigy gazy öndürmek meýilleşdirilýär. Degişli gaz känini özleşdirmegiň netijesinde alnan tebigy gazy Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Hytaý, gurluşygy dowam edýän Türkmenstan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijileri arkaly akdyrmak maksat edinilýär. Plenar mejlisde mälim edilişine görä, halkara maýa goýum forumynyň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC International) arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Birinji Abu-Dabi bankynyň (First Abu Dhabi Bank) arasynda bank hasaplaryny açmak boýunça Ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýar. Halkara maýa goýum forumynyň birinji gününde — şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna bagyşlanan 3 sessiýa geçiriler.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar