TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
SERDAR BERDIMUHAMEDOW YSRAÝYLYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 75 ÝYLLYGYNY GUTLADY
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersoga we Premýer-ministr Binýamin Netanýahuwa Ysraýyl Döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini we täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi. “Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda oňyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Biz türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirýäris we bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly olaryň geljekde has-da ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda nygtady.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar