TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
NOWAK TÜRKMENISTANA GELERMI?
Ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherindäki Sandor Prezident köşgünde ýurduň Prezidenti hanym Katalin Nowak Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Amannazarowy kabul etdi. Onuň barşynda türkmen diplomaty özüniň ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ilçi Prezident Katalin Nowaka Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Wengriýanyň Prezidenti mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde ilçiden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli sözlerini we Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Duşuşykda Prezident Katalin Nowak Türkmenistanyň soňky gazanan üstünlikleri, şeýle-de ýokary derejeli gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Wengriýanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini, hyzmatdaşlygy ýokary derejede saklamagyň zerurdygyny we 2024-nji ýylda Türkmenistana sapar bilen baryp görmek isleýändigini aýtdy. Bu boýunça Prezidentiň edarasynyň hem-de Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň jogapkär wekillerine degişli tabşyryklary berdi.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar