TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
HÄKIMLER BILEN NOBATDAKY IŞ MASLAHATY GEÇIRILDI
24-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda häkimler welaýatlarda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda bugdaýa ösüş suwuny tutmak, organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem gowaça ekişini öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar, gögeriş alnan ýerlerde ideg işleri geçirilýär. Mundan başga-da, welaýatlarda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkimler Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar