TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
ABŞ-LY IŞEWÜRLER TÜRKMEN BAZARYNA GYZYKLANMALARYNY TASSYKLADYLAR
5-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «General Electric Gas Power» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gaz turbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony, «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, «Smartmatic» kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de Baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikany, «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony, şeýle-de-de «UGT Renewables» kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gimi kabul etdi. Işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi. Bu topar Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda indi ençeme ýyllaryň dowamynda maksada okgunly işleri alyp barýar. Nygtalyşy ýaly, baý tebigy serişdeleriň bolmagy, ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi, «Açyk gapylar» syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özara bähbitli maýa goýum ýagdaýyny emele getirýär. Türkmenistanda halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirilen ygtybarly kanunçylyk binýady, dürli ulgamlarda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has amatly şertler döredildi. Şol ulgamlaryň hatarynda nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamlary bar. Şeýle hem sport ulgamynda, ugurdaş infrastrukturalary döretmek, hususan-da, golf ýaly sportuň dünýäde meşhur görnüşi üçin infrastrukturany döretmek ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçilikler bar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar