TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
AHYRKY ÝARYŞ KÜMÜŞ GETIRDI
Türkmen türgenleri suwda ýümek boýunça Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen halkara ýaryşyň iň soňky pursatlaryna çenli medallar ugrundaky göreşi dowam etdiler. Şeýlelikde, soňky guralan ýaryşlar hem medallara beslendi. 100 hem-de 200 metr aralyklara arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşlarynyň altyn medallaryny boýnundan asdyran Merdan Ataýew şol görnüşden 50 metre guralan ýaryşda hem güýjüni synady. Bu gezek onuň 27,28 sekuntlyk netijesi kümüş medala mynasyp görüldi. Ol diňe özbek türgeni Mahmudşah Kodirowdan (27.24) sähelçe asgyn geldi. 50 metre arkanlygyna ýüzmek boýunça gyzlaryň ýaryşynda Aýnura Primowa hormat münberiniň üçünji basgançagynda ornaşdy. 16 ýaşly ildeşimiz bu aralygy 32,21 sekuntda geçdi. Zehinli gyzyň 100 metre arkanlygyna, şeýle-de toplumlaýyn estafeta ýüzüşlerinde ýygyndy toparymyzyň gazanan medallaryna mynasyp goşant goşandygyny-da ýatladasymyz gelýär. Suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionaty tamamlandy. Ildeşlerimiziň bu ýaryşda gazanan medallarynyň umumy sany hakyndaky maglumatlarymyzy ýakyn wagtda okyjylarymyz bilen paýlaşarys.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar