TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
ÝAZDA NÄME IÝMELI?
Ýaz paslynyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli we askorbin turşusyna (witamin C) baý önümleri iýmeli (miwe şireleri, bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri). Bu babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi habar berýär. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanyň! Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl. Howany tämizlemek üçin üzärlik ösümligini ulanmaly. Kömelek we beýleki gök önümleri iýeniňizde gigiýeniki talaplary berjaý etmegi unutmaň! Iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý ediň! Yssy günlerde demir we aýna gaplara gaplanan iýmit önümlerini yzygiderli iýmekden saklanyň! Öý şertlerinde olary belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamagy we ulanmagy ýatdan çykarmaň! Ýaz paslynda howanyň her gün üýtgäp durýandygyny, onuň şemally, ýagmyrly, salkyn we yssy bolup bilýändigini nazara alyp, bu paslyň talaplaryna laýyklykda geýiniň! Ýaz paslynda tebigatda hem dürli mör-möjekleriň janlanýandygyny nazara alyp, olardan goranmagy maslahat berýäris.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar