TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNYŇ III DIWIZIONYNDA IKINJI ORUN EÝELENDI
Hokkeý boýunça milli ýygyndy toparymyz Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde guralan dünýä çempionatynyň III diwizionyndaky çykyşyny tamamlady. Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýygyndy toparynyň bu ýaryşa gatnaşmakdan boýun gaçyrmagy bilen bäsleşik bäş ýygyndynyň arasynda dowam etdi. Ildeşlerimiz birinji duşuşygynda ýer eýelerinden asgyn geldiler. Olar ikinji oýnunda Lýuksemburgy uly hasap bilen ýeňdiler — 4:1. Üçünji duşuşykda Tailandy ýeňmegi (6:3) ýygyndy toparymyzyň utuklarynyň sanyny 6-a ýetirdi. Jemleýji duşuşykda bolsa türkmenistanly hokkeýçiler Hytaý Taýpeýiniň (Taýwan) garşysyna çykdylar. Bu oýunda ýeňiş Hytaý Taýpeýiniň tarapynda boldy. Bu netijeler 6 utuk toplan ýygyndy toparymyzyň Tailandyň we GAR-yň ýygyndylary bilen birmeňzeş utuga eýediklerine garamazdan, özara duşuşyklaryň jemleriniň, geçirilen we goýberilen şaýbalaryň hem-de beýleki goşmaça görkezijileriň esasynda diwizionda ikinji orna mynasyp bolandygyny aýan edýär. Şunlukda, diwizionda ikinji orny eýelän türkmen hokkeýçilerine kümüş medal gowşuryldy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar