TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ PREZIDIUMY DÖREDILDI
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda daşary işler ministri şu günki wakanyň möhümdigine ünsi çekip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilýän mejlisde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň döredilmeginiň, onuň düzüminiň tassyklanandygynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň Prezidiumy — Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýän, hemişelik hereket edýän kollegial edara döredilýär. Onuň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň adalat ministri we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, öňde duran esasy wezipelere ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryň çäklerinde Prezidiumyň mejlisleriniň yzygiderli geçiriljekdigini nygtady.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar