TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
«JEÝTUN» MÖWSÜME GÖRÄ ÖNÜM GÖRNÜŞLERINI ARTDYRÝAR
Açylanyna köp wagt bolmadyk Kaka etrabynyň dokma toplumy möwsüme görä, öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrýar. «Jeýtun» haryt nyşany bilen halk arasynda giňden tanalyp başlan dokma toplumynyň ýazky, tomusky we gyşky möwsüm üçin öndürýän önümlerini Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli söwda nokatlaryndan satyn almak bolýar. Dokma toplumy şu gezekki ýazky möwsüme özüniň ýuka içlikli, ýakasy örülen kurtkalaryny, ýeňli we ýeňsiz görnüşdäki žiletlerini, iki gat matadan taýýarlanan ýakaly we ýakasyz görnüşdäki ýazky geýimlerini hödürleýär. Bu önümler göze gelüwli reňklerde boýalan matalardan tikilip ilata hödürlenýär. Önümçilikde dokma toplumynyň özünde taýýarlanýan çig mal peýdalanylýar. Öndürilýän bu dokma önümleri adam bedenine ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Çünki olaryň önümçiliginde ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän pagta ýüplügi peýdalanylýar. Kärhana ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda galyň görnüşli gyşky geýimleri — kurtkalary hem öndürip başlady. Öndürilýän dokma önümleriniň ählisiniň düzüminiň 65 göteriminden 80 göterimine çenlisini tebigy nah ýüplügi emele getirýär. Tomus möwsüminiň golaýlaşyp gelýändigini nazarda tutup, dokma toplumy erkekler üçin ýeňli we ýeňsiz köýnekleriň görnüş sanyny hem artdyrdy. Erkek adamlar üçin dürli görnüşli nah we garyşyk matalardan çino jalbarlar, şortular, ýeňiljek sport penjekleri, düz we ýüplügi boýalan nah hem-de garyşyk matalardan taýýarlanan klassyky we sport köýnekler öndürilýär. Köýnekler kiçi we uly ýaşlylaryň okuw, iş we gündelik durmuşy üçin düz boýalan we garyşyk reňklerde taýýarlanan matalardan hem tikilip, alyjylara ýetirilýär. Kärhana şu möwsümde zolakly matalardan tikilýän köýnekleriň hem onlarça görnüşini ilata hödürleýär. 2021-nji ýylyň awgust aýynda açylyp ulanmaga berlen Kaka etrabynyň dokma toplumy dünýäniň iň kämil dokma enjamlary bilen üpjün edilen. Bu dokma toplumy ýylda 3 müň 650 tonna nah we garyşyk ýüplügi, 12 million inedördül metr çig nah we pagta-poliester garyşyk matalary, 10 million inedördül metr boýalan matalary, şeýle hem 1 million 200 müňe çenli taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply. Dokma toplumy gysga döwrüň içinde öz önümleriniň Polşa, Russiýa, Türkiýe ýaly döwletlere eksportyny ýola goýdy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar