TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
TÄZE BATAREÝA: ISLE ULAN, ISLE IÝ
Italiýanyň Tehnologiýa institutynyň alymlary batareýanyň täze görnüşini oýlap tapdylar. Ol tutuşlygyna iýilýän maddalardan ýasalýar. Bu barada mir24.tv saýty ýazýar. Täze enjam 0,65 woltda işleýär we 12 minutda 48 mikroamper güýç berýär. Bu bolsa elektron oýnawaçlaryň işlemegini üpjün etmäge ýetýär. Alymlar bu batareýalaryň, hususan-da çagalaryň oýnawaçlarynda ulanmak üçin amatlydygyny aýdýarlar. Çünki çagalar batareýany ýuwudaýan ýagdaýynda-da ol aşgazanda ereýär. Habara görä, batareýa bedene zyýansyz maddalardan ýasalýar. Onuň önümçiliginde deňiz ösümlikleriniň, balary öýjükleriniň, iýilýän altyn örtükleriň ulanylýandygy nygtalýar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar