TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
ILON MASK «X.AI» ADY BILEN EMELI INTELLEKT ULGAMYNDA TÄZE KOMPANIÝA AÇDY
«Teslanyň», «SpaceXiň» we «Twitteriň» eýesi Ilon Mask emeli intellekt ulgamynda täze kompaniýa açdy. Bu barada degişli resminamalara salgylanyp «The Wall Street Journal» ýazýar. Resminamalara laýyklykda, «X.AI» diýlip atlandyrylýan bu kompaniýa mart aýynyň başynda Newada ştatynda hasaba alyndy. Täze startapyň başlygy Maskyň özi, onuň sekretarlygyna bolsa milliarderiň baýlygyny dolandyryjy Jared Birçall bellendi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, Mask, «ChatGPT» we «DALL-E» neýroulgamlary bilen adygan «OpenAI» kompaniýasyna bäsdeşlik etmek isleýär. Çeşmelerden çen tutsaň, milliarder häzirki wagtda täze kompaniýasynda işletmek üçin inženerler we gözlegçiler toparyny ýygnaýar. Maskyň eýýäm «Alphabetiň» «DeepMind AI» laboratoriýasynyň alymy Igor Babuşkin bilen ylalaşyga gelendigi, emma «OpenAI» kompaniýasynyň işgärlerini işe almaga synanyşygynyň başa barmandygy-da aýdylýar. 2015-nji ýylda Ilon Maskyň özi hem «OpenAI-ny» esaslandyryjylaryň hataryndady, ýöne ol üç ýyldan soň taslamany terk edipdi.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar