TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
RUSSIÝA WIZASYZ DÜZGÜNE TAÝÝAR
Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünnamasy baradaky talaplara gaýtadan seretmäge taýýar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin bilen geçirilen söhbetdeşlige esaslanyp, «TASS» habarlar agentligi mälim edýär. Onuň sözlerine görä, eger Türkmenistan taýýar bolsa, syýahatçylyk we şuňa meňzeş maksatly wiza düzgünnamasyny aradan aýyrmaga Russiýa taýýar. Bu babatdaky meselä Türkmenistan öz garaşsyz hukugy esasynda sereder we biz oňa hormat goýarys. Ilçiniň sözlerine görä, wiza düzgünnamasy häzirki wagtda möhüm ähmiýetli hasaplanýan howpsuzlyk talaplary göz öňünde tutulyp girizilýär.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar