TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
5-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Doganlyk ýurduň kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň ösüşine we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmagynyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýändigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm görkezijilerine ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Onuň dowamynda özara haryt dolanyşygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen milli ykdysadyýetleriň möhüm ugurlary bolan ýangyç-energetika, himiýa senagaty, dokma we azyk senagaty, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar