TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
SÖWDA DOLANYŞYGY 2,7 MILLIARD DOLLARA GOLAÝLADY
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda 2 milliard 648 million dollardan gowrak söwda dolanyşygy amala aşyryldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük administrasiýasy mälim edýär. Diňe mart aýynda iki ýurduň arasynda amala aşyrylan söwda dolanyşygy 918 million dollardan geçdi. Geçen 3 aýda Hytaýyň Türkmenistana eksporty 222,6 million dollardan gowrak boldy. Dostlukly döwletiň biziň ýurdumyza diňe mart aýyndaky eksporty 104,9 million dollardan-da ýokary boldy. Geçen 3 aýda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyna eksporty 2 milliard 425 million dollardan gowrak bolup, diňe mart aýyndaky görkeziji 813 million dollardan zyýat boldy. Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegini turba geçirijiler arkaly iberilýän tebigy gaz eýeleýär.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar