TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
36 DESGA HUSUSY TARAPLARA SATYLÝAR
Döwlet eýeçiligindäki 36 desga hususylaşdyrylmak üçin bäsleşikli söwda çykaryldy. Şeýle desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimliklerine degişli desgalar bar. Aşgabat şäheriniň Garry Kulyýew köçesinde ýerleşýän «Nur zaman» hojalyk jemgyýetiniň we «Damjaly baglar» hojalyk jemgyýetiniň edara binalary bäsleşikli söwda hödürlenýän iň ýokary başlangyç bahaly desgalardyr. Olaryň başlangyç bahalary 51 million 75 müň manatdan gowrak. Bäsleşikli söwda hödürlenýän iň elýeterli bahaly desganyň başlangyç bahasy 71,6 müň manatdan başlanýar. Ol Kerkiçi — Farap awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniň limon ýyladyşhanasy. Bäsleşikli söwda 10-njy maýda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçirilýär. Oňa sanly ulgam arkaly hem gatnaşmak mümkin. Basleşikli söwda hödürlenýän desgalaryň doly sanawy bilen «Türkmenistan» gazetiniň 18-nji apreldäki sany arkaly tanşyp bilersiňiz.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar