TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
«SANLY ÇÖZGÜT — 2022» INNOWASION TASLAMALARYŇ BÄSLEŞIGINI GEÇIRMEK TEKLIBI MAKULLANDY
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada 13-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýada, 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, täzeçil programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak hem-de beýleki degişli ugurlar bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, «Sanly çözgüt — 2022» bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär. Ony saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ugurlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutany «Sanly çözgüt — 2022» innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de onuň ýaşlaryň zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar