TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
«TÜRKMENPOÇTA» «ÇAPAR» GOŞUNDYSYNA TÄZELENME GIRIZDI
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy köp mümkinçilikli «Çapar» goşundysyny ulanmagy teklip edýär. Öň bu programmanyň üsti bilen töleg töleme hyzmatlarynyň 16 görnüşinden, 1 hyzmatyň bolsa doly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bolýardy. Ol esasy hyzmat bolsa çapar hyzmatydy. Ýakynda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy köp mümkinçilikli «Çapar» goşundysyna täzelenme girizdi. Oňa 09 belgili sorag-jogap gullugyna birikmek hyzmaty hem goşuldy. «Çaparyň» bezeg işlerine täzeçillik girizilip, ulanyjylara amatly bolar ýaly kämilleşdirildi. Ýatlap geçsek, programma döwrüň ösen isleglerini nazara alyp, özünde şu hyzmatlary jemleýär: PÝGG jerimeler; TMCELL; «AŞTU» internet; «AŞTU» telefon; «AŞTU» IPTV; «Telekom» internet; Kabel TV; Älem TV; Belet film; Jemagat tölegi; Suw üçin tölegi; Elektrik üçin tölegi; Gaz üçin tölegi; Suw — TUT; Howaýollary; Demirýollary. «Çapar» goşundysy hemişe ýakyn ýardamçyňyz bolar. Onuň hyzmatlary siziň ösen islegleriňizi doly kanagatlandyrar. «Çapar» programmasynyň täzelenen görnüşini siz Google Play we App Store ulgamlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz. «Çapar» programmasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyň! Çünki ol ynamly we ygtybarlydyr.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar