TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW KOREÝ-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
17-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny belledi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge zerur goldawlaryň berilmeginiň möhümdigini aýtdy. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalary bu pudakda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle-de häzirki zamanyň ajaýyp şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşygyna gatnaşmak meseleleriniň özüne çekijiligi barada aýdyldy. Türkmen paýtagtynyň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny belläp, myhman şäheriň binagärlik aýratynlygynyň özboluşlylygynyň hem-de sazlaşygynyň ýokary derejä eýedigini nygtady.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar